Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 30 töweregi ýaragly söweşiji öldürildi


Şu gün Owganystandaky NATO güýçleriniň harby resmileri Pakistanyň Owganystan bilen serhet ýakasyna golaý ýerde geçirilen howa hüjüminde 30 töweregi ýaragly söweşijiniň öldürilendigini mälim etdiler.

Owganystandaky NATO güýçleriniň metbugat sekretary kapitan Rýan Donald bu howa hüjümleriniň Host welaýatyndaky serhet raýonynda ýaragly söweşijileriň ýerli harbylara garşy eden hüjümlerine gaýtawul görnüşinde amala aşyrylandygyny aýtdy.

Onuň maglumatyna görä, halkara koalision güýçleriň harby uçarlary Pakistanyň territoriýasyna geçen ýaragly söweşijileriň yzy bilen şol territoriýa geçip, birnäçe howa hüjümini amala aşyrypdyr.

Bu wakalaryň fonunda şu gün Britaniýanyň Daşary işler ministrligi ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň bir ynsanperwerlik guramasynda işleýän britaniýaly bir aýalyň üç sany owgan raýaty bilen bilelikde ýaragly söweşijiler tarapyndan zamun alnandygyny habar berdi.

Ýöne britaniýaly ol aýal maşgalanyň anyk şahsyýeti barada häzirlikçe maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG