Sepleriň elýeterliligi

Daglyk-Garabagdaky atyşykda bir azeri esgeri öldi


Şu gün Azrebaýjanyň Goranmak ministrligi Daglyk-Garabag regionynda ýüze çykan nobatdaky atyşykda bir azeri esgeriniň ölendigini mälim etdi.

«Frans-Press» habar agentliginiň maglumatyna görä, 21 ýaşly azerbaýjan esgeriniň öten agşam Daglyk-Garabagdaky bitarap zonada ermeni harbylarynyň atan okundan ölendigini habar berýär.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda dawaly Daglyk-Garabag regionynda azerbaýjan we ermeni harbylarynyň arasyndaky çaknyşyklar has-da güýçlendi.

Şu üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bu çaknyşyklaryň netijesinde azyndan 18 harbynyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG