Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaýyň uly agasynyň işi boýunça “derňew işleri alnyp barylýar”


Şu gün Birleşen Ştatlarda çap edilýän «The Wall Street Journal» gazeti Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň uly agasy Mahmud Karzaýyň işi boýunça Birleşen Ştatlarda jenaýat-derňew işleriniň alnyp barylýandygy barada habar ýaýratdy.

Gazetiň bu baradaky maglumatynda amerikan sülçüleriniň Mahmud Karzaýyň salgyt galplyklarynda we adamlary gorkuzyp talaňçylyk etmek ýaly jenaýatçylyklarda eliniň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak ugrunda iş alyp barýandyklary aýdylýar.

Mahmud Karzaý Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň raýatlygyny göterýär, şoňa görä-de ol bu ýurduň kanunçylygyna eýermäge borçly bolup durýar.

Birleşen Ştatlaryň Kabuldaky ilçihanasy we Owganystanyň hökümeti häzirlikçe bu maglumat barada hiç hili resmi beýanat ýaýratmadylar.
XS
SM
MD
LG