Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda täze gaz kompeksi ulanyşa tabşyryldy


Şu geçen dynç alyş güni Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky «Körpeje-gurt-guýy» gaz ýatagynda gaz ýygnaýjy we transportirleýji täze kompeks ulanyşa tabşyryldy.

Bu täze kompeksiň işe girizilmegi Türkmenistanyň Eýrana satýan gazynyň möçberini ýene ýylda 3 milliard kubometr artdyrmaklyga mümkinçilik berer.

«Turkmennebit» Döwlet konserniniň hyzmatdaşlary bolan Fransiýanyň, Germaniýanyň we Belgiýanyň kompaniýalary tarapyndan enjamlaşdyrylan bu kompleksiň umumy bahasy 40 million amerikan dollaryna deň.

Özara ylalaşyga laýyklykda, bu hyzmatdaş kompaniýalar geljek bir ýylyň dowamynda bu täze gaz transportirleýji komplekse hyzmat etmek hem-de bu ugurda ýerli kadrlara tälim bermek işlerini alyp bararlar.

Häzirki wagt Eýrana ýylda 6 milliard kubometr gaz satýan Türkmenistan geljekde bu gazyň möçberini 14 milliard kubometre ýetirmekligi göz öňünde tutýar.
XS
SM
MD
LG