Sepleriň elýeterliligi

Yrakly artistler kyn ýagdaýda işleýärler


Yrakly aýal Suha Salem ýokary derejeli aktýor. Ol ähli şertleriň bardygyna garamazdan, Yrakda kino sungatynyň gözgyny ýagdaýdadygyndan zeýrenýär.

“Bu ýerde önümçilikde işläre öz işine ökde adam ýok. Telewizion kanallar diňe pul getirjek filmleri öndürýärler. Müsür we Siriýa bilen deňäniňde, kinoçylyk gaty kommersiýalaşan. Ol ýerlerde turizmiň hem sungata degişli taraplary bar. Bu ýerde Yrakda welin, beýle däl. Olar gaty çäkli. Olaryň işi sungta goşant goşmak däl-de, pul gazanmak” diýip, Salem aýdýar.

Yrakly artistler gaty kyn ýagdaýda işleýärler. Muňä sebäp bolýan dargan infrastruktura, elektrik ýetmezçiligi, okuw mümkinçilikleriniň çaklidigi, soňky aýlarda hem doly işleýän hökümetiň ýoklugy. Muňa garamazdan, iki yrakly režissýor Muhammed al-Daraji bilen Odaý Reşid geljek aý Bagdatda film öndürmek üçin bir merkez açmakçy.

“Bilşiňiz ýaly, bu gelejek üçin edilýän zat. Men we Muhammed ömrümiziň soňuna çenli film öndürip bilýäris. Biziň öz kompaniýamyz bar, dürli adamlar bilen gatnaşyk saklaýarys. Biziň hiç bir problemamyz ýok. Muny eden biz. Film durmuşynda bir işi bir gezek etseň, ol hemişelik etdigiň bolýar. Şol sebäpden bu öňümçilik merkezi bize çyndan gerek zat däl. Ýöne möhümi – onuň gelejek üçindigi. Bu Yrakda oturyp, kino öndürmegi ýüregine düwen, ýöne bu işi nähili etmelidigini bilmeýänler üçin” diýip, Reşid aýdýar.

Al-Daraji hem Yrakda kino senagaty bolmalysy ýaly ýol alyp, amerikan esgerleri ýurtdan çykansoň, ýurduň konfliktli ýyllary arka atmagyna kömek bolar diýip, umyt edýär.

“Yrakda dürli uruşlar boldy, diktatorçylyk boldy. Ol basylyp alyndy, syýasy garym-gatymlyga düşdi. Men kino bu ýerde uly rol oýnap biler diýip oýlaýaryn. Biz beýleki ýurtlaryň sungat we medeniýet bilen bu barada öz halklaryna kömek edendiklerini bilýäris. Film senagaty we yrak kinosy bu ýerde rol oýnap biler diýýänimiziň sebäbi şol” diýip, al-Daraji aýdýar.

Yrakly artistler hem özleriniň bu işe taýýardyklaryny aýdýarlar. Basranyň sungat institutynyň professory Majid Abdulwahed: “Gerek zat dogry iş gurallary” diýýär.

“Dogrymy aýtsam, bize gerek zat fundament. Mysal üçin, siziň islegiňiz bar, eliňizde tohum bar. Ýöne ýer hany? Bu zatlar öser ýaly ýer gerek. Bize bir teatr platformasy gerek. Maňa ýazyjy ýa redaktor gerek däl. Maňa bir fundament, bir-de iş gurallaryny ber. Maňa bir teatr, bir-de umyt ber, onsoň ähli zady özüm edeýin. Biziň problemamyz önümçilik üçin goldaw ýoklugy” diýip, Abdulwahed aýdýar.
XS
SM
MD
LG