Sepleriň elýeterliligi

Garaşylýan duşuşyk bolmady


Narodetski: "Belki-de, türkmen prezidentine gapdaldan düşündirmänlerinde-de hemme zat aýdyňdyr!"

Narodetski: "Belki-de, türkmen prezidentine gapdaldan düşündirmänlerinde-de hemme zat aýdyňdyr!"

Geçen hepde türkmen prezidenti Nýu Ýorkda saparda boldy. Bu saparda dymylýan, gürrüňi edilmeýän bir pursat: türkmen prezidentiniň ABŞ-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylary -iň esasy-da prezident Barak Obama bilenem, döwlet sekretary Hillary Klinton bilenem duşuşygy bolmady. Baryp tomus türkmen delegasiýasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasyna gitmegine taýýarlyk görlüp ugralan wagty G.Berdimuhamedowyň amerikan ýolbaşçylary bilen duşuşygynyň mümkinçilikleri barasynda habarlar peýda bolupdy. Ýöne şeýle duşuşyk bolmady.

Barak Obama Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa bilen duşuşdy. Amerikan prezidenti bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň arasynda-da gepleşikler geçirildi. Türkmen-amerikan sammitiniň Nýu-Ýorkda başa barmazlygyna nähili päsgelçilikler bolduka? Ýogsa iň bärkisi soňky ýylyň dowamynda Aşgabat bilen özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny amerikan tarapy ençeme gezek görkezipdi.

Halkara synçylarynyň belleýşi ýaly şu ýerde bir faktor herekete geldimikä? Ol hem Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynynyň gowulaşýandygy boýunça oýunlara Günbatar haçan hem bolsa bir wagt ynanmasyny goýar – diýen pikirdi. Hut adam hukuklary meselesini BMG–niň Baş assambleýasynyň sessiýasynda eden çykyşynda Barak Obama keserdip goýdy.

Obama 22-nji sentýabrda, G.Berdimuhammedowyň Aşgabada gaýdyp gelen güni çykyş etdi. Barak Obamanyň BMG-niň münberinden adam hukuklary barasynda aýdanlary onuň türkmen prezidenti bilen duşuşmazlygyna sebäp bolmagy mümkin. Obama, hususan-da, ABŞ-nyň öz daşary syýasatyna düýpli özgerişler girizýändigini Baş assambleýanyň münberinden yglan etdi. ABŞ-nyň öz gatnaşyklryny gurmagy planlaşdyrýan ýurtlarynda Waşingtonyň adam hukuklarynyň derejesine baha berjekdigi esasy özgerişdir.

ABŞ-nyň prezidenti öz çykyşynda şeýle diýdi: “Haýsydyr bir ýurtlarda häkimiýetler ýerine gysga wagtlyk durnuklylyk wada berip ýa-da azatlygyň ýerine galp ykdysady ösüşi ündäp, adam hukuklaryny bir gapdala süýşürýärler. Öz häkimiýetiniň wagt çäklendirmesini ýatyryp, graždan jemgyýetinden ar alýan ýolbaşçylary biz görýäris. Şahsy inisiatiwalary korrupsiýa bogýar. Demokratik reformalary çäksiz saklaýan we yza tesdirýän ýolbaşçylary görýäris.”

Göz öňüne getirmek kyn däl

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama azeri kärdeşi Ylham Alyýew bilen duşuşýar, 24-nji sentýabr.
Amerikan prezidentiniň şol aýdanlaryny adam hukuklary ideýasy nukdaý nazaryndan türkmen hakykaty bilen gabatlaşdyrsak, Nýu-Ýorkda iki prezidentiň duşuşygynyň nähili çylşyrymly hem gapma-garşylykly bolup biljek ekendigini göz öňüne getirmek kyn däl. Eger şeýle duşuşyk bolanlygynda, goňşy ýurduň prezidenti Ylham Alyýewiň Barak Obama bilen duşuşygynda özi üçin ýakymsyz pikirleri hem islegleri diňlemeli bolşy ýaly, G.Berdimuhamedowam şol tankytlara döz gelmeli bolardy.

Barak Obama ýurtda adam hukuklaryny has gowy goramaga azeri prezidentini açyk çagyrdy. Ondan hem başga amerikan prezidenti adam hukuklarynyň bozulan anyk ýagdaýlaryna reaksiýa bildirmäge we hökümeti tankyt edeni üçin huligançylykda aýyplanyp, galp günäkärlemeler bilen türme tussaglygyna höküm edilen iki blogeri azatlyga çykarmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň propagandistik maşyny adam hukuklaryny goramak boýunça halkara guramalaryň “dünýä standartlaryna laýyk derejede adam hukuklary ýurtda üstünlikli ornaşdyrylýar” diýen sözlerini häli-şindi ulanýar.

Köp sanly adam hukuklaryny goraýan halkara guramalaryň dokumentlerinde Türkmenistan näme üçin dünýäniň iň repressiw režimleriniň hatarynda dur? Munuň sebäbini amerikan prezidenti kynçylyksyz düşündirip bilerdi. Belki, şonuň üçinem Obama Berdimuhamedow bilen duşuşan däldir. Belki-de, türkmen prezidentine gapdaldan düşündirmänlerinde-de hemme zat aýdyňdyr! Onda hemme zat onuň özüne, saýlajak ugruna bagly.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG