Sepleriň elýeterliligi

Eýran iki reformaçy partiýany gadagan edýär


Eýranyň öňdebaryjy reformaçy partiýalarynyň ikisiniň gadagan edilendigi aýdylýar. Olar geçen ýylyň dawaly prezident saýlawlary mahalynda oppozisiýa lideri Mir Huseýin Musawä goldaw bildiripdiler.

Eýranyň ILNA habar gullugy eýran sudunyň sözçüsi Gulam Hoseýin Ýejie salgylanyp, Yslamçy Eýranyň Gatnaşyk fronty we Yslam rewolýusiýasynyň mujahetdin guramasynyň ýatyrylandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň garmagyndaky gözegçilik guramasy aprel aýynda bu partiýalary milli howpsuzlyga wehim salmakda aýyplapdy we olaryň işini togtatmaly edipdi.

Ahmedinejad 2009-njy ýylyň iýunynda gaýtadan saýlanaly bäri bu guramalaryň agzalarynyň birnäçesi tussag edilip, uzak möhletli türmä basylypdy.
XS
SM
MD
LG