Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlarda owgan prezidentiniň dogany derňelýär


Birleşen Ştatlarda çap edilýän «Wall Street Journal » owgan prezidenti Hamid Karzaýyň doganynyň amerikan prokurorlary tarapyndan derňelýändigini ýazýar.

Aýdylmagyna görä, prokurorlar amerikan raýaty bolan Mahmud Karzaýyň salgytdan gaçmakda, gorkuzyp pul almakda aýyplanmagy üçin ýeterlik deliliň bar-ýoklugyny barlaýarlar.

Gazet bu maglumaty ady aýdylmaýan amerikan resmisinden alypdyr.

Karzaýyň bu aýyplamalary ret edýändigi we «derňewçiler hiç bir delil tapmaz» diýendigi aýdylýar.

Nýu Ýorkuň federal derňew edarasy we Kabuldaky amerikan ilçihanasy bu habar barada bir zat aýtmakdan boýun gaçyrdy.
XS
SM
MD
LG