Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň polisiýasy Täjigistanda tälim alýar


Owgan serhet polisiýasynyň 20 agzasy Täjigistanda tälim okuwyna başlady. Olar terrorizme we neşe gaçakçylygyna garşy göreşde galp dokumentleriň üstüni açmagyň ýollaryny öwrenerler.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň aýtmagyna görä, owganystanly serhetçiler iki hepdelik seminar döwründe halkara polisiýa gullugy bolan Interpoluň maglumatlaryndan hem peýdalanmagy öwrenerler.

Owganystana halkara goşunlarynyň getirilenine dokuz ýyla golaý wagt geçip, daşary ýurtly esgerlerdir owgan goşuny gazaply talyban pitneçiligine garşy söweşýän-de bolsa, bu ýurtda heniz durnukly parahatçylyk gazanylanok.

Şeýle-de bu ýurt dünýäniň iň uly geroin öndürijisi bolup durýar.
XS
SM
MD
LG