Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Hytaýa gaz akdyrmasyny artdyrýar


Duşenbe güni Türkmenistanyň Hojambaz etrabyndaky «Bagtyýarlyk» gaz kompressor stansiýasynyň açylyşy boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kompressoryň açylyş dabarasynda söz sözläp, «Bagtyýarlyk» stansiýasynyň günde 60 million kub metre çenli gaz geçirip biljegini aýtdy.

132 milliondan gowrak ýewro durýan täze stansiýany Belgiýanyň «ENEX process engineering SA» kompaniýasy gurdy.

7 müň km uzynlykdaky Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabrynda açylypdy.
XS
SM
MD
LG