Sepleriň elýeterliligi

Orsýet - Hytaý gatnaşyklary ösýär


27-nji sentýabrda Orsýet bilen Hytaýyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga gol çekildi.

Pekine eden üç günlük resmi sapar edýän Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Hytaýyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda gol çekilen ylalaşyk kömür, tebigy gaz, ýadro energiýasy ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini göz öňünde tutýar.

Resmi gepleşikleriň öň ýanynda Medwedew we Hu Sintao “Gündogar Sibir -Ýuwaş okean” nebitgeçirijisiniň Hytaý boleginiň gurluşygynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdylar. Bu nebitgeçirijisi arkaly 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap her gije-gündizde 300 müň barrel nebitiň akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Täze eksport ugurlary

Nebit geçirijisiniň Hytaýyň üstünden geçýän bölegi Ýuwaş okean regionyna tarap amala aşyrylýan uly proýektiň bir bölegidir. Bu proýekte Orsýetiň regionda esasy energiýa hyrydary Hytaý bilen çäklenmän, öz energiýa resurslaryny regionyň beýleki döwletleriniň, şol sanda Ýaponiýanyň-da bazarlaryna çykarmak boýunça ädimi hökmünde garalýar.

Dünýäde iň uly gaz baýlyklaryna eýe bolan Orsýet Ýewropadan beýleki ugurlar boýunça hem özüniň eksport marşrutlaryny köpeltmäge çalyşýar we gazyny suwuklandyrylan görnüşde eksport edýär. Häzirki wagtda Orsýet 2015-nji ýyldan başlap, Hytaýa ýylda 30 milliard kubometr gaz satmak boýunça ylalaşyk baglaşmak isleýär.

27-nji sentýabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Hytaýyň ýolbaşçylary bilen halkara problemalara we strategik ýaranlyga degişli meseleleri maslahat edenligini habar berdi.

Medwedewiň sözlerine görä, “Uly-20” guramasynyň gün tertibindäki we “Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň” regional gatnaşyklaryndaky ähli meseleler boýunça Orsýet bilen Hytaýyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklar alnyp barylýar.

Regiondaky bäsdeşlik

Emma Moskwa we Pekin ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge synanyşýan hem bolsalar, soňky ýyllaryň dowamynda bu iki döwletiň ikisi-de regionda öz täsirini güýçlendirmäge çytraşýarlar.

Hytaýyň prezidenti Hu Sintao köpçülikleýin habar serişdelerindäki çykyşlarynda regionyň iri döwletleri Hytaý bilen Orsýetiň umumy strategik bähbitleri bilen bagly özara gapma-garşylyklardan üstün çykmagy başaranlygyny aýtdy.

Hytaýyň “Sinhua” habar agentliginiň Hu Sintao salgylanmak bilen habar bermegine görä, Moskwa we Pekin ýurtlaryň ikisinde hem özara hasaplaşygyny milli walýutalarda ýola goýmakçy. Orsýet milli walýutasynyň halkara maliýe bazarlaryndaky roluny güýçlendirmek mümkinçiligini gözleýär. Hytaý hem heniz berk çäklendirilýän ýuanyň halkara derejesinde uly rol oýnamagyny isleýär.

Bu iki ýurduň ýolbaşçylary ozalky resmi duşuşyklarda özara hasaplaşygy öz milli walýutalarynda amala aşyryp ugramagy 2010-njy ýylyň aýagynda girizmegi geňeşipdiler.
XS
SM
MD
LG