Sepleriň elýeterliligi

Türkmen inisiatiwasyny ähli ýurtlar goldaýarmy?


Narodetksi:"G.Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka özi bilen alyp gelen iň esasy utuk karty - BMG-niň düzüminde energiýa meseleleri boýunça ekspertler toparyny we BMG-niň Energiýa geňeşi diýen at bilen çynlakaý gurluşyny Aşgabatda döretmäge çagyryşydyr".

Narodetksi:"G.Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka özi bilen alyp gelen iň esasy utuk karty - BMG-niň düzüminde energiýa meseleleri boýunça ekspertler toparyny we BMG-niň Energiýa geňeşi diýen at bilen çynlakaý gurluşyny Aşgabatda döretmäge çagyryşydyr".

Soňky hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti özüniň BMG-e saparyny ýurtda aňrybaş derejede beýan etmegi berk tabşyrdy, emma bu işiň göwnejaý ýerine ýetirilmändigini nygtady. Şu säwlik üçin prezidentiň metbugat sekretary käýinç aldy.

Saparyň diňe oňyn kontekstde beýan edilmelidigine şek-şübhe ýok. G.Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş assambleýasyna gatnaşyjylaryň önünde öňe süren tekliplerem oňyn tekliplerdi. Daşary işler ministri Reşit Meredow Ministrler Kabinetiniň maslahatynda çykyş edip, öz başlygynyň BMG-de eden çykyşyny “taryhy çykyş” diýip atlandyrdy.

Bu hakykatdan-da şeýlemi?

Muňa jogap hökmünde G.Berdimuhamedow öz gol astyndakylara ýüreginde beslänlerini her edip, hesip edip, amala aşyrmak üçin dürli aksiýalara başlamaga görkezme berdi. Ýöne indi hemme zat Türkmenistana bagly däl. Şol bir wagtda-da türkmen tarapynyň eden tekliplerinde gapma-garşylykly pursatlaram bar. Şol garşylyklar türkmen prezidentiniň teklipleriniň hakykatdan-da amala aşyryljagyna şübhe döredýär.

G.Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka özi bilen alyp gelen iň esasy utuk karty - BMG-niň düzüminde energiýa meseleleri boýunça ekspertler toparyny we BMG-niň Energiýa geňeşi diýen at bilen çynlakaý gurluşyny Aşgabatda döretmäge çagyryşydyr.

Eger hakykatdan-da amal edip bolsa, şu inisiatiwalar prinsipde Türkmenistan üçin örän bähbitli bolup bilerdi. BMG olary hasaba almady diýmek bolmaz. Tersine, gürrüňde, dilde olar belli bir derejede goldaw tapdy. Ýöne şol ideýalaryň iş ýüzünde amala aşjagyny göz öňüne getirip bilýän juda az. Türkmen inisiatiwasyny ähli ýurtlar goldaýarmy? Ine, şu soragyň jogaby anyk däl.

Energiýany sarp edýän we öndürýän köp ýurtlar energiýa alyp satmak boýunça şertnamalara gol çekende, şol ylalaşyklary ýerine ýetirende, öz üstünde başga bir halkara organynyň abanyp durmagyny islemese gerek.

Uly möçberde önümçilik potensialy bolan ýurtlar, adatça, araçyny, onda-da önümçilik–kommersiýa dünýäsinde çalt hereket edýän mehanizmi bilen özüni görkezip bilmedik BMG-niň organlaryny goşmazdan söwdalaşmagy gowy görýärler. BMG-niň ýene bir goşmaça, artykmaç gurluşy energiýa pudagy ýaly uly biznesde goşmaça kynçylyklar döretmegi mümkin.

Töwekgellik bar

Şu aýdylanlar ötri G.Berdimuhamedowyň BMG-de öňe süren teklipleri arzuw-islegler äleminde başa barmajak proýektler bolup galmagy mümkin, şeýle töwekgellik bar. Türkmen prezidentiniň Merkezi Aziýanyň we Hazar basseýniniň esasy problemalarynda BMG-niň gurluşlarynyň roluny ýokarlandyrmak baradaky teklibiniň ykbaly-da agzalan topara degişli bolmagy mümkin.

Şu ideýanyň amala aşmagynda beýleki ýurtlardan, mysal üçin, Orsýetden aýratyn goldawa, höwese garaşyp bolmaz. Regionyň meseleleri çözülende, Moskwa başga araçylaryň bolmagy bilen gyzyklanmaýar, regiony özüniň döwlet bähbitleriniň zolagy hasap edýär.

Türkmen tarapy üçin örän özüne çekiji bir teklip - Türkmenistan- Owganystan-Pakistan- Hindistan turbasyny gurmak teklibi. Bu ugruň iň ejiz bölegi, elbet-de, Owganystandyr. Soňky köp ýyllaryň dowamynda NATO güýçleri bu ýurtda parahatçylyk döretmäge gönükdirildi. Ýöne häzire çenli ol garaşylýan netijäni bermedi. Tersine, ýagdaý barha bulaşýar. Öz içki durmuşynyň durnuklylygy boýunça Pakistanam ýeňil bolmadyk döwri başdan geçirýär.

Şonuň üçin bu turba proýekti käbir ýurtlardaky durnuksyzlyk ýagdaýlary sebäpli gury hyýala çalym edýär. Onuň üstesine-de BMG-niň şunuň ýaly diňe kommersiýa ideýalaryny goldamaga ýagdaýy ýok. G.Berdimuhamedowyň BMG-da aýdanlary bilen bagly şübheler agdyklyk etse, türkmen propagandasynyň esasy temalary, asla bolmadyk ýaly, bugaryp gitmegi mümkin.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG