Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň häkimi Lužkow wezipesinden boşadyldy


28-nji sentýabrda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwa şaheriniň häkimi Ýuriý Lužkowy wezipesinden boşatdy.

Dmitriý Medwedew munuň sebäplerini žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda şeýle düşündirdi: “Bu baradaky karar bilen bagly teswirläre zat ýok. Moskwanyň häkiminiň wezipesinden boşadylmagynyň sebäbi şol kararda anyk aýdylan. Ýagny, Moskwa şäheriniň häkimi hökmünde Ýuriý Mihaýlowiç Lužkow meniň ynamymdan gaçdy”.

Prezident Medwedew bu wezipä kimiň belleniljekdiginiň entek belli däldigini aýdyp, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň teklip etjek kandidatlaryna garajakdygyny mälim etdi.

“Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň ýolbaşçylary Ýuriý Lužkowyň bu partiýanyň hataryndan çykmak barada arza ýazandygyny mälim etdiler.

Orsýetiň demokratik oppozisiýasy Moskwanyň häkiminiň wezipesinden boşadylandygy baradaky habary hoşalyllyk bilen garşy aldy.
XS
SM
MD
LG