Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň wagtlaýyn prezidenti ýurduň parlamentini dargatdy


Moldowanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Mihaý Gampu 28-nji sentýabrda ýurduň parlamentini dargatmak baradaky we Moldowada möhletinden öň parlament saýlawlarynyň geçirilmegi hakdaky karara gol çekdi.

Ýurtda möhletinden öň geçirilmeli parlament saýlawlarynyň 28-nji noýabra bellenilendigi habar berilýär.

Geçen ýyl saýlanan Moldowanyň parlamentine iki gezek ýurduň prezidentini saýlamak başartmady.

Parlamentiň dargadylmagynyň öňüni almak üçin ýurdy dollandyrýan koalisiýa Moldowanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek barada referendum geçirdi.

5-nji sentýabrda geçirilen bu referendum ýurduň prezidentiniň ahliumumy saýlawlar arkaly saýlanmagyna ýol açyp bilerdi. Emma oňa gatnaşanlaryň sanynyň juzda az bolandygy sebäpli referendum başa barmady.
XS
SM
MD
LG