Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda Parahatçylyk boýunça ýokary geňeş döredilýär


Owganystanyň hökümeti 28-nji sentýabrda gozgalaňçylar bilen gepleşikleri ýola goýmak üçin döredilen Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiň düzümini yglan etdi.

Bu geňeşiň düzümine 70-e golaý adamyň girendigi, olaryň hatarynda Owganystanyň öňki prezidenti Burhanuddin Rabbaniniň, öňki talyplardan birnäçesiniň, 80-nji – 90-njy ýyllarda syýasatda bolan adamlaryň, etniki azlyklaryň wekilleriniň bardygy habar berilýär.

Owganystandaky ýaranlyk güýçleriniň serkerdebaşysy general Deýwid Petreus owgan häkimiýetleriniň milli barlyşyga ymtylmagyny goldap çykyş etdi. Ol pitneçileriň aýry-aýry toparlarynyň gepleşik geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
XS
SM
MD
LG