Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG we türkmen DIM-i iki günlük seminar geçirdi


28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly iki günlük seminar öz işini tamamlady.

Türkmenistanyň DIM-i bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnalan bu seminara Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalat ministrliginiň, Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ylymlar akademiýasynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlarynyň we studentleriň gatnaşandygyny TDH habar berýär.
XS
SM
MD
LG