Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda “Döwrebap Ýewropa” atly seminar geçirilýär


TDH gullugy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda “Döwrebap Ýewropa” atly dört günlük seminar geçirýändigini habar berýär.

Aşdabadyň «Prezident» myhmanhanasynda geçirilýän bu seminaryň Türkmenistandaky Ýewropa Öýi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde gurnandygy habar berilýär.

Seminara pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň spesialistleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Ykdysadçylar birleşmesiniň, Ykdysadyýet we telekeçilik mekdebiniň wekilleriniň, Halkara gatnaşyklary institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarynyň we studentleriniň gatnaşýandygy aýdylýar.

Seminaryň maksady oňa gatnaşyjylary Ýewropa Bileleşiginiň häzirki zaman guramaçylyk gurluşy we onda bolup geçýän ýagdaýlar bilen tanyşdyrmakdan ybarat.
XS
SM
MD
LG