Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Moskwanyň merini işden kowdy


Moskwanyň meri Ýuri Lužkow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew
Moskwanyň meri Ýuri Lužkow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew
Moskwanyň meri Ýuri Lužkowyň ykbaly barada ençeme hepdeläp pikir ýöredilip, dürli çaklamalar orta atylypdy. Köpler prezident Medwedew ony näme üçin wezipe başyndan kowmaýar diýen soragy beripdiler. Indi bolsa bu aýdylan zat boldy. Orsýetiň habar gulluklary şu gün prezident Medwedewiň Lužkowy wezipden boşadanlygyny habar berdiler.

Häzir üç günlük sapar bilen Hytaýda bolan ors prezidenti žurnalistlere Lužkowyň ynamdan gaçandygyny aýtdy: “Bu wagtlaýyn işden boşatmak däl-de, wezipe başyndan aýyrmak. Bu meniň ony wezipeden kowandygymy aňladýar. Men bu sözleri ilkinji gezek ulanýaryn. Bu ýerde aýdara köp zat ýok. Zerur delil çykarylan permanda aýdyldy. Esasy sebäp Russiýa Federasiýasynyň prezidenti hökmünde meniň Moskwanyň meri Ýuri Mihailowiç Lužkowa ynamymy ýitirenligim”.

Orsýetiň Baş kanuny boýunça prezident şular ýaly deliller bilen Moskwanyň merini we regional häkimleri wezipden boşadyp bilýär. Prezident Medwedew bu wezipä kimiň belleniljekdiginiň entek belli däldigini aýdyp, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň teklip etjek kandidatlaryna garajakdygyny mälim etdi.

“Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň ýolbaşçylary Ýuriý Lužkowyň bu partiýanyň hataryndan çykmak barada arza ýazandygyny mälim etdiler.

Döwletiň gözegçiligindäki mediada soňky wagtlarda çykan habarlarda 74 ýaşly Lužkow korrupsiýada we garyndaşparazlykda aýyplandy.

Kreml tarapyndan bildirilmegine görä, Medwedew Moskwanyň wagtlaýyn meri diýip Wladimir Resini belledi.

Orsýetiň demokratik oppozisiýasy Moskwanyň häkiminiň wezipesinden boşadylandygy baradaky habary hoşalyllyk bilen garşy aldy.

Oppozision syýasatçy, premýer ministeriň öňki orunbasary Boris Nemtsow ýagdaýy Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna şeýle düşündirdi: “Prezidentiň ynamyndan gaçdy diýmek – çynlakaý aýyplama. Medwedew bu sözleri ozal diňe Korýak, Nenets we Amur regionynyň häkimlerini wezipden boşadanda ulanypdy. Bularyň ikisiniň wezipeden kowulmagyna olaryň garşysyna gozgalan jenaýat işleri sebäp bolupdy. Üçünjisi hem regionyň tutuş ýarpysynyň gyşda doňanlygy üçin wezipeden kowuldy. Indi ýol berlen korrupsiýa işleri barada jenaýat derňewine başlanmasa, bu günki permanyň kanunylygy sorag astyna düşer. Onsoň Lužkow garaşsyz syýasatçy bolup, ýene orta çykyp biler”.
XS
SM
MD
LG