Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly tanymal blogça 19 ýyl iş kesildi


Eýranda bir internet saýty iki ýyla golaý wagt bäri tussagda saklanýan tanymal blogça 19 ýyl iş kesilendigini aýdýar.

Eýranyň prezident edarasyna golaý hasaplanýan Maşregnýus.ir internet saýty Huseýin Derakşanyň duşmançylykly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy, dolandyryjy häkimiýete garşy wagyz ýöredeni, kontrrewolýusion toparlary götergiläni we yslam pikirlerini hem dini şahslary masgaralany üçin türmä basylandygyny ýazýar.

Derakşan 2008-nji ýylda, Britaniýada we Kanadada ýaşap, Eýrana dolanyp gelenine kän wagt geçmänkä tussag edildi. Ol hem Eýranyň, hem Kanadanyň raýatydyr.
XS
SM
MD
LG