Sepleriň elýeterliligi

HWF Belarusy saýlawdan öňki tarhandökerlik üçin tankyt edýär


Halkara walýuta fondy Belarusyň ýurduň ýetip gelýän prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda jemgyýetçilik pudagyndaky aýlyklary üçden-bir ýokarlandyrmak planyny tankyt etdi.

HWF-niň wekili Natalýa Kolýadina aýlyk galdyrmak planynyň ykdysady esasynyň ýokdugyny we Belarusyň fond bilen baglaşan şertnamasyna garşy gelýändigini aýtdy.

Dördünji möhlete prezident bolmak islýän Aleksandr Lukaşenko birinji gün jemgyýetçilik pudagynyň aýlyklaryny galdyrmakdan başga, iň az aýlygyň noýabrda 55 prosente çenli ýokarlandyryljagyny aýtdy.

Bu aýlyk köpeltmäniň bahasy 2.3 milliard dollar bolar we Belarusyň garaşylýan býudjet ýetmezini iki esse köpelder öýdülýär.
XS
SM
MD
LG