Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideriniň ogly dolandyryjy partiýa girýär


Döwlet metbugaty Demirgazyk Koreýanyň lideriniň ogly Kim Joň-anyň ýurduň dolandyryjy Işçiler partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzalygyna seçilendigini aýdýar.

Resmi KSNA habarlar gullugy Kim Joň-anyň partiýanyň merkezi harby komissiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna bellenendigini habar berdi. Bu Kim Joň-iliň körpe oglunyň ilkinji syýasy wezipesi diýlip bilinýär.

Joň-an 1983-nji ýa 84-nji ýylda doglandyr öýdülýär. Ol üç onýyllykda birinji gezek geçýän partiýa konferensiýasynda wezipä bellendi.

Ol kakasynyň ornuna geçirilmäge taýýarlanýandyr öýdülýär. Emma synçylar onuň ýurda ýolbaşçylyk ederden gaty ýaşdygyny we tejribesizdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG