Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Orta Gündogar wekili gepleşikleri halas etmäge synanýar


Birleşen Ştatlaryň Orta gündogar wekili Jorj Mitçel Ysraýyl bilen palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini halas etmek üçin Orta Gündogara geldi.

Ysraýylyň basylyp alnan Günbatar kenardaky gurluşyklaryň togtadylmagyny uzaltmakdan boýun gaçyrmagy onuň bu ýere gyssagly sapar etmegine sebäp boldy.

Birleşen Ştatlar, Fransiýa, Britaniýa we BMG Ysraýylyň bu kararyndan lapykeç bolandyklaryny aýtdylar.

Palestin prezidenti Mahmut Abbas ilki Ysraýyl gurluşyklary togtatmasyny uzaltmasa gepleşiklerden çekiljegini aýtdy, emma soň bu karara Palestin Azat ediş guramasynyň geňeşi we Arap ligasy bilen maslahatdan soň dolanjagyny aýtdy.

Mitçel üçünji gün Iýerusalimde Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak we premýer-ministr Benýamin Netenýahu bilen, dördünji gün Günbatar kenarda Abbas bilen duşuşmaly.
XS
SM
MD
LG