Sepleriň elýeterliligi

Hytaýlylar Türkmenistanda uly gaz ýatagyny açdylar


Hytaýyň Milli nebit korporasiýasyna degişli Amyderýa tebigy gaz korporasiýasy Türkmenistanda uly tebigy gaz ýatagynyň üstüni açdy.

Amyderýanyň sag kenarynda tapylan täze ýatakda 100 milliard kub metre çenli gaz ätiýaçlygy bardyr öýdülýär.

“Reuters” bu habary hytaý çeşmelerine salgylanyp berýär.

Hytaý kompaniýasynyň habarynda aýdylmagyna görä, 21-nji sentýabrda tapylan täze gaz ýatagy Hytaý Halk respublikasyna iberilýän türkmen gazynyň mukdaryny köpeltmäge kömek eder.
XS
SM
MD
LG