Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Çehiýanyň ilçisi işe başlady


Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa düýn prezident Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda Çehiýa respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Robert Kopeskiniň ynanç hatyny kabul etdi.

Parlamentiň başlygy myhmany ýokary diplomatik işe bellenmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmekde üstünlik arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlary çeh ilçisiniň ýurduň daşary işler ministrliginde, energetika we senagat ministrliginde, nebit-gaz senagaty we mineral resurslary ministrliginde hem kabul edilendigini ýazýar.
XS
SM
MD
LG