Sepleriň elýeterliligi

“Amerikanyň sesi ynamdar bolmalydyr, eşidilmelidir”


Gepleşikler Geňeşiniň gubernatorlarynyň (BBG) başlygy Wolter Isakson Birleşen Ştatlaryň halkara gepleşikleriniň täze ugruny yglan edip, onuň «iň kämil metbugat abzallaryna we tehnologiýasyna eýe bolmak bilen dünýä ýüzünde azat maglumaty bogjak bolýanlardan bir ädim öňde bolmalydygyny» nygtady.

Gepleşikler Geňeşiniň gubernatorlarynyň (BBG) başlygy Wolter Isakson çykyş edýär, 28-nji sentýabr
Isakson başlyk hökmünde, bilelikde alnanda, hepdede 171 milliondan gowrak tomaşaça we diňleýjä ýetýän Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL), Amerikanyň sesi telekanalynyň (Voice of America), Azat Aziýa Radiosynyň (RFA), Marti radio-telewideniesiniň (TV Marti), Sawa radiosynyň we Alhurra telewideniýesiniň işine ýolbaşçylyk edýär.

Ol «Biziň repressiýa we çydamsyzlyga garşy täze global darkaşda ýüzbe-ýüz bolýan synaglarymyz Sowuk uruş döwründäkiden uly bolmasa kiçi däl» diýip, 28-nji sentýabrda Azat Ýewropa Radiosynyň ilkinji gepleşiginiň efire berilmeginiň 60 ýyllygyna bagyşlanan duşuşykda aýtdy.

“Demir perdäniň aňyrsynda ejir çeken adamlara habarlary we maglumatlary ýetirmek üçin täze ýollary oýlap tapmakda Azat Ýewropa Radiosyny esaslandyryjylarynyň üstünlik gazanyşlary ýaly, şü günki gün hem ABŞ-nyň halkara gepleşikleri azatlygyň üstüne abanýan döwrebap howplara gaýtawul bermek üçin täzeçe ýollary oýlap tapmalydyr” diýip, Isakson aýtdy.

“Habarlary halk köpçüligine ýetirmekdäki rolumyz sosial aragatnaşyklara itergi beryän täze çemeleşmämiz üçin öwgä mynasypdyr” diýip Isakson belledi. “Göni aragatnaşyk saklaýan global jemgyýetleri döretmek bilen, biz ähliumumy adam hukugy bolan maglumat alyş-çalyş erkinligini kepillendirýäris”.

Azat Ýewropa Radiosy 1950-nji ýylyň 4-nji iýulynda Nýu Ýork şäherindäki “Imperiýa Döwlet Binasynda” (Empire State Buliding) ýerleşen studiodan ilkinji gezek kommunist Çehoslowakiýa üçin gepleşikleri efire beripdi.

Duşuşykda çykyş eden Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeffri Gedmin şeýle diýdi: “Söweş zolaklarynda we awtoritar režimlerde ýaşaýan adamlaryň dogry maglumatlary alyp bilmekleri üçin biziň işimiz uly ähmiýete eýe”.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy (RFE/RL) erkin metbugatyň gadagan edilen ýa-da söz azatlygy çäklendirilen 20 döwletiň ilatyna 28 dildäki habarlary ýetirýär. RFE/RL ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýän kommersiýa maksadyna eýermeýän guramadyr.
XS
SM
MD
LG