Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň ilçisi akkreditasiýa edildi.

Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewanyň 28-nji senýatbrda Çehiýanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Robert Kopetskiniň ygtyýarnamasyny kabul edenligi habar berildi.

Çehiýanyň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarynda ozalkysyndan tapawutly ýagdaýyň emele gelenligini çehiýaly professor, Karlow uniwersitetiniň Halkara barlaglar institutynyň wekili Ýan Şir belledi. Onuň sözlerine görä, indi Çehiýanyň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistana degişli missiýasy öňküsi ýaly Moskwadan däl-de, Özbegistandan dolandyrylar.

Çehiýaly professor Ýan Şir Çehiýanyň Türkmenistana degişli diplomatik ädimleriniň Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna has uly üns berip başlanlygyny görkezýär diýip, hasap edýär.

Ýan Şiriň pikirine görä, Çehiýa bilen Türkmenistanyň birek-birege diplomatik ünsüni güýçlendirmegi ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ösüşine itergi berip bilerdi.

Emma Praganyň Aşgabat bilen gatnaşyklarynyň şu çaka çenli Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Turkmenistanda bar bolan mümkinçiliklere gönükdirilenligini bellemek bilen halkara gatnaşyklar boýunça bilermen, professor Ýan Şir Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistan babatynda şu çaka çenli belli bir syýasat ýöretmän, Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki umumy gatnaşyklar bilen çäklenip gelenligini aýtdy.

Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygyna, şeýle-de energiýa geçirijileriniň halkara bazarlaryna ynamdar we durnukly ýol arkaly geçirilmegine degişli inisiatiwalaryna Çehiýa Respublikasynyň aýratyn üns berýänligini ilçi Robert Kopetskiý Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy bilen duşuşygynda nygtady.

Çehiýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň taraplara beýleki ugurlardan hem peýdaly bolup biljegini synçylar belleýärler.

Hyzmatdaşlygyň perspektiw ugurlary

Türkmenistanyň öňki diplomaty Nurmuhammet Hanamow Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasynda gatnaşyklaryň sowet döwründe aktiw alnyp barlanlygyny we ilkinji nobatda senagat ugurlaryna degişli bolanlygyny belledi. Ol, hususan-da, Türkmenistanda Çehiýanyň ýeňil senagatynyň we maşyn gurluşygynyň önümlerine uly islegiň bolanlygyny aýtdy. N.Hanamowyň pikiriçe, bu günki gün Çehiýanyň sosial-ykdysady syýasaty we ösen raýat jemgyýetçiligine degişli tejribesi Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup biler.

“Çehiýa demokratik ösüşde ilkinji günlerden başlap, adam hukuklaryny goramakda, sosial meseleleri çözmekde, ykdysadyýeti köne sistemadan daşlaşdyrmakda dürli meseleleri üstünlikli çözüp gelýär. Ýurduň ençeme problemalary bardy hem bar, emma bu ýurduň işsizlik ýaly sosial meselelere we demokratiýa üns bermegi Türkmenistan üçin gowy tejribe bolup biler” diýip, N.Hanamow aýdýar.

N.Hanamowyň bellemegine görä, uniwersitetleri Ýewropa standartlaryna geçirip, gysga wagtyň dowamynda özüni gowy tarapdan tanadan Çehiýa Respublikasynyň bilime we ylyma degişli tejribeleri hem Türkmenistan üçin möhüm. Sebäbi sosial-ykdysady şertleri gowulandyrmagyň, bilim, ylym we syýahatçylygy ösdürmegiň Türkmenistanda yglan edilýän reformalaryň çäginde ileri tutulýan meselelerdigini türkmen ýolbaşçylary belläp gelýärler.

Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewanyň Çehiýa Respublikasynyň ilçisi Robert Kopetskiý bilen 28-nji sentýabrda geçiren gepleşiklerinde taraplar iki döwletiň özara gatnaşyklarynyň ösmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Tarapalar esasy ugurlaryň arasynda söwda-ykdysady, gumanitar, syýahatçylyk we ýangyç-energiýa pudaklaryny agzadylar. Türkmen mebugatynyň maglumatlaryna görä, çehiýaly diplomat ysnyşykly parlamentara gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ähmiýetini hem nygtady.

Çehiýa Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Energetika we senagat ministrliginde, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliklerinde hem kabul edildi. Şeýle-de ilçi Awaza milli syýahat zonasyna sapar etdi.
XS
SM
MD
LG