Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça wekili Netenýahu bilen duşuşdy


ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Jorj Mitçel Ysraýyl-Palestina gepleşiklerini halas etmek ugrundaky diplomatik tagallalaryna başlady.

Ýakynda gaýtadan geçirilip başlanan gepleşiklere ýene togtamak howpy abanýar. Muňa Ysraýylyň Günbatar kenardaky gurluşyklaryň togtadylmagy baradaky maratoriýany uzaltmakdan boýun gaçyrmagy sebäp boldy.

29-njy sentýabrda Jorj Mitçel Iýerusalimde Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak we premýer-ministr Benýamin Netenýahu bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi. Ol 30-njy sentýabrda Günbatar kenarda Mahmud Abbas bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Birleşen Ştatlar, Fransiýa, Britaniýa we BMG Ysraýylyň kararyndan lapykeç bolandyklaryny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG