Sepleriň elýeterliligi

Ýewropada terror hüjümine görlen taýýarlygyň üsti açyldy


Günbatar Ýewropada Al-Kaýda tarapyndan diýlip güman edilýän terror hüjümüne görlen taýýarlygyň üsti açyldy.

Aňtaw gulluklaryna salgylanylyp Günbatar metbugatynda berlen maglumatlarda Britaniýada, Fransiýada we Germaniýada Al-Kaýda topary tarapyndan Mumbaýdaky ýaly terror hüjümlerini amala aşyrmagyň planlaşdyrylandygy habar berilýär.

2008-nji ýylda Mumbaýdaky terrorçylykly hüjümlerde 160 adam heläk bolupdy.

28-nji sentýabrda Fransiýanyň paýtagty Parižde bomba parlama howpy sebäpli Eýfel diňine baran adamlar gyssagly ýagdaýda ewakuasiýa edildi.
XS
SM
MD
LG