Sepleriň elýeterliligi

Russiýa Federasiýasyna migrantlar "howa ýaly gerek"


Orsýetiň Migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy Konstantin Romodowskiý ýurduň demografiýa krizisini başdan geçirýändigi sebäpli migrantlara mätäçligiň artandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, Orsýetde her ýyl bir milliona golaý işçi güýji ýetmezçilik edýär.

Orsýetiň Migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy demografiýa krizisi zerarly ýurda migrantlaryň “howa ýaly gerekdigini” nygtady. Ol migrantlar baradaky kanuny özgerdip, ýurda gelip işlemek isleýän adamalara aňsatlaşdyrylan şertleriň döredilmelidigini belledi.

Orsýetiň ilat sany 1991-nji ýyldaky 148 milliondan adamdan 6 million azalyp, häzir 142 milliona ýetdi.

Orsýetiň häkimiýetleri ilat sanyny ýokarlandyrmak üçin çaga doguran enelere 10 müň dollaradan gowrak “ene kapitalyny” töläp, dürli sosial çäreleri amala aşyrmaga synanyşýarlar.
XS
SM
MD
LG