Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewrokomissiýa Fransiýa garşy kanuny çäre görer


29-njy senýabrda Ýewropa Komissiýasy bolgariýaly we rumyniýaly syganlary ýurtdan kowan Fransiýa garşy kanuny çäre görmek baradaky karara gelendigini mälim etdi. Bu karara ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen maslahatda gelindi.

Şol maslahatda 2 meselä garaldy. Olaryň biri - Fransiýa syganlary ýurtdan kowmak bilen, ÝB-däki hereket azatlygyny bozdumy - diýen sowal boldy. Beýlekisi bolsa, fransuz häkimiýetleriniň bu hereketleri syganlary kemsitdimi diýen meseläni öz içine aldy.

Fransiýa garşy suda şikaýat edilen halatynda, bu wakanyň ýurda uly möçberdäki jerimäniň salynmagyna getirip, Fransiýanyň prezidentiniň abraýyna zeper ýetirip biljekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG