Sepleriň elýeterliligi

Rus polisiýasy Demirgazyk Kawkazda 15 jeňçini öldürdi


Rus polisiýasy Demirgazyk Kawkazda pitneçi bukularyna sazlaşykly geçirilen iki reýd mahalynda separatist jeňçileriň 15-sini öldürendigini aýdýar.

Regional polisiýanyň sözçüsi Wýaçeslaw Gasanow bu reýdleriň ikisiniň hem Dagystanda geçirilendigini aýtdy.

10 jeňçi Kaspiýsk şäherine geçirilen reýdde öldürilipdir, beýleki 5 jeňçi bolsa welaýat paýtagty Mahaçgalada öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG