Sepleriň elýeterliligi

Günorta Owganystandaky söweşler sebäpli müňlerçe adam göçürildi


Owgan resmileri günorta Owganystandaky söweşler üçin ýüzlerçe maşgalanyň ýaşap oturan ýerinden göçürilendigini aýdýarlar.

Kandaharyň Bosgunlar departamentiniň direktory Mohammad Azim Nawabi ilatyň Kandahar şäheriniň töwregindäki pitneçi galtaşykly ýerlerden gaçýandygyny aýdýar. Owgan hem Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky NATO güýçleri bu sebitde Talybana garşy harby operasiýa geçirýär.

Ol 900-den gowrak maşgalanyň geçen aýda Kandahar şäheriniň Arhandab we Zari etraplaryna gelendigini aýtdy. Owgan Gyzyl haç jemgyýeti bosgunlar akymynyň söweş dowam etdikçe artjagyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG