Sepleriň elýeterliligi

Al-Kaýdanyň Ýewropadaky terror plany bilindi


Günbataryň aňtaw gulluklarynyň Al-Kaýdanyň Britaniýada, Fransiýada we Germaniýada Mumbaýdaka çalymdaş terror hjümlerine başlamak planynyň üstüni açandygy aýdylýar.

Bu plan Pakistanyň tire sebitinde, Al-Kaýda söweşijileriniň mesgeninde ýerleşýän jeňçiler tarapyndan düzülene çalym edýär.

Aňtaw çeşmelerine salgylanýan metbugat habarlarynda komando görüşindäki jeňçi toparlarynyň günbatarlylary zamun almagy we öldürmegi palanlaşdyrandygy aýdylýar.

Bu terror hüjümleri 2008-nji ýylda Hindistanyň Mumbaý şäheriniň iki myhmanhanasynda guralan terror hüjümleriniň mysalynda geçirilmeli eken.
XS
SM
MD
LG