Sepleriň elýeterliligi

ABŞ eýran resmilerine garşy sanksiýa girizýär


Birleşen Ştatlar eýranly resmileriň sekizisine garşy täze sanksiýalary girizdi. Bu sanksiýalar Eýranyň 2009-njy ýylda bolan dawaly saýlawlaryndan soňky hukuk bozulmalary üçin girizilýär.

Täze sanksiýalar amerikanlaryň Yslamçy Rewolýusiýa goragy korpusynyň komandiri Mohammad Ali Jafari, häzirki aňtaw ministri Mostafa Mohammad Najjar dagy bilen biznes etmegini gadagan edýär.

Birleşen Ştatlaryň Hazyna departamentiniň çap eden beýanatynda bu resmileriň saýlawlaryň netijeleri baradaky köpçülikleýin demonstrasiýalar mahalynda protestçilere garşy ulanylan we olaryň käbiriniň ölümine sebäp bolan aşa zorluk üçin jogapkärdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG