Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GDA döwletleriniň serhetçileri duşuşdylar


Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy

29-njy sentýabrda Aşgabatda GDA döwletleriniň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy.

GDA döwletleriniň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçen duşuşygyna Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda özara hyzmatdaşlygyň derejesine garalyp, GDA döwletleriniň serhet howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geljekki aragatnaşyklar maslahat edildi. Onuň gün tertibinde halkara terrorçylygyna, bikanun neşe dolanyşygyna, bikanun migrasiýa garşy göreş tejribesi barada çykyş edilenligi aýdylýar.

Resmi maglumatlara laýykylykda, duşuşykda GDA girýän döwletleriň daşarky serhetlerinde häzirki şertlerde durnuklylygy üpjün etmek boýunça serhetçilik çärelerini aktiwleşdirmek we bilelikde operatiw-öňüni alyş çäreleri boýunça maslahat edildi. Agzalan meseleleriň arasynda deňiz giňişliklerinde bikanun awçylygy bes etmek çärelerine hem garaldy.

GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk

Türkmenistan bäş ýyl bäri GDA guramasynyň assosirlenen agzasy. Türkmenistanyň doly hukukly agza hökmünde guramanyň çäginden çykyp, assosirlenen agzasy statusyna eýe bolmak we gurama çäkli derejede gatnaşmak karary 2005-nji ýylyň awgustynda yglan edilipdi. Emma soňky ýyllarda Türkmenistan postsowet giňişliginde regional guramalar, şol sanda GDA bilen hem hyzmatdaşlygyny has aktiwleşdirdi.

GDA döwletlerinde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän informasion analiz merkeziniň bilermeni Aleksandr Karawaýew Türkmenistanyň GDA-nyň çägindäki aktiwligini ýurduň umumy daşary syýasatyny giňeltmek boýunça alyp barýan strategiýasy bilen baglanyşdyrýar.

Emma A.Karawaýew GDA gurmasynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň aýratynlygyna ünsi çekýär. Onuň sözlerine görä, GDA resmi taýdan bütewi regional struktura bolsa-da onuň hakykatda alyp barýan işleri umumy häsiýete eýe bolup, bilelikdäki takyk çäreleriň kabul edilmegini we ýerine ýetirilmegini talap etmeýär.

Türkmen metbugatynyň habaryna görä, Aşgabatdaky duşuşykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolan we bitaraplyk statusyna daýanýan Türkmenistanyň bütin adamzadyň bähbitleri ugrunda öz parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge çalyşýanlygy nygtalýar.

Potensial howplar

Şol bir wagtda-da GDA döwletleriniň serhet gözegçiligine degişli problemalaryň Turkmenistana-da degişlidigini synçylar belleýärler. Regionyň serhet gözegçiligine degişli esasy problemalaryň biri neşe gaçakçylygydyr.

A.Karawaýew regionyň döwletleriniň öňünde duran terrorçylyga garşy göreş, neşe we haryt gaçakçylygynyň öňüni almak ýaly problemalardan daşgary, bikanun migrasiýanyň öňüni almak meselesiniň hem ähmiýetiniň gitdigiçe güýçlenýänligini belledi. Onuň sözlerine görä, bikanun migrasiýanyň döredýän howplarynyň biri epidemiýalaryň tutaşmagyna we ýaýramagyna degişli.

GDA döwletleri boýunça bilermeniň A.Karawaýewiň pikirine görä, halkara we regional hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin serhet gözegçiligini kadalaşdyrmakda we serhetleriň tehniki hem kadrlar taýdan üpjünçiliginde peýdaly bolup bilerdi.

Soňky döwürde türkmen serhetçileriniň maddy-tehniki üpjünçiligine döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Serhetçiler täze ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär, serhetlerde täze serhet galalary gurulýar. Şol bir wagtda-da ýurduň serhetleriniň uly bolekleriniň gözegçiliksiz galýanlygyny habar berilýär. Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň bellemegine görä, milli serhetlerde gözegçiligiň iň gowşak alnyp barylýan ýeri daglyk ýerlerden geçýän bölekleri bolup durýar.

Resmi maglumatlarda GDA döwletleriniň serhet gulluklarynyň Aşgabatdaky duşuşygyna gatanaşan ýolbaşçylarynyň Kaka etrabynyň döwrebap abzallaşdyrylan täze serhet galalarynyň birine syýahat edenligi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG