Sepleriň elýeterliligi

Pakistan öz üstünden geçýän NATO-nyň gatnawyny togtatdy


Şu gün Pakistanyň häkimiýetleri Owganystandaky NATO güýçleriniň hüjüminde pakistanly esgerleriň öldürilendigine salgylanyp, bu ýurduň üstünden geçýän NATO-nyň transport gatnawyny togtatdy.

Hususan-da, Pakistanyň resmileri ýurduň Torkham serhet geçelgesinden NATO güýçleri üçin niýetlenilen ýangyç önümleriniň we tehniki serişdeleriň Owganystana tarap geçirilmeginiň togtadylandygyny mälim etdiler.

Bu gürrüňi edilýän gatnaw ýoly NATO güýçleriniň ýük gatnatmak üçin ulanýan esasy gatnaw ýollaryndan biri hasaplanylýar.

Bu wakanyň öňýany, şu gün irden Pakistanyň harby resmileri serhediň üstaşyry Owganystandaky NATO güýçleriniň amala aşyran howa hüjüminde Pakistanyň üç sany harbysynyň ölendigini habar berdiler.

Munuň özi indi soňky birnäçe günüň dowamynda Owganystandaky NATO güýçleriniň serhediň üstaşyry Pakistanyň territoriýasynda geçiren dördünji hüjümidir. Resmi Pakistan şeýle hüjümleriň geçirilmegini yzygiderli ýazgaryp gelýär.
XS
SM
MD
LG