Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň maliýe ministrleri Brýusselde maslahata ýygnandylar


Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrleri Bileleşigiň çäklerinde hökümet bergileriniň artmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Brýusselde ýörite maslahata ýygnandylar.

Bu wakanyň öňýany, düýn Ýewropa Komissiýasy Bileleşige agza ýurtlaryň talabalaýyk maliýe syýasatyny alyp barmadyk halatynda, ol ýurtlaryň hökümetlerine garşy jerime çäreleriniň ulanyljakdygyny duýduryp, beýanat ýaýratdy.

Ýewropa Komissiýasynyň bu ugurda planlaşdyrýan çäreleri Bileleşigiň çäklerinde şu ýylyň başynda Gresiýanyň başdan geçiren maliýe krizisi ýaly krizisleriň ýüze çykmagynyň öňüni almaklygy maksat edinýär.

Gresiýada ýüze çykan bu maliýe krizisi ýewro pul birligini ulanýan beýleki ýurtlaryň ykdysady durnuklylygyna-da käbir ýaramaz täsirlerini ýetiripdi.
XS
SM
MD
LG