Sepleriň elýeterliligi

Žurnalist Klementewiň yitirim bolmagy “işi bilen bagly bolmagy mümkin”


Şu gün Ukrainanyň içeri işler ministri Anatoliý Mohilýow žurnalist Wasil Klementewiň ýitirim bolmagynyň onuň žurnalistik işi bilen baglanyşykly bolmagynyň örän ähtimaldygyny aýdyp çykyş etdi.

Mundan öň hem içeri işler ministri Anatoliý Mohilýow žurnalist Wasil Klementewiň ýitirim bolmagynda ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň eliniň bar bolmagynyň mümkindigini öňe sürüpdi.

Ukrainanyň Harkow şäherinde çap edilýän hepdelik gazetiň redaktory 67 ýaşly žurnalist Wasil Klementew şu ýylyň awgust aýynyň başynda ýitirim bolupdy. Onuň egindeşleri we dogan-garyndaşlary ol öldürilendir diýip çaklaýarlar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary žurnalist Klementewiň ýitirim bolmagyna ýiti reaksiýa bildirdiler. Ukrainanyň žurnalistleri şu ýylyň fewralynda Wiktor Ýanukowiçiň prezident saýlanaly bäri ýurtda söz we metbugat azatlygyna görkezilýän gysyşlaryň ur-tut artandygyny aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG