Sepleriň elýeterliligi

Medwedewiň planyna Ýaponiýa ýazgaryjy reaksiýa bildirýär


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Kuril adalaryna sapar etmek planyna Ýaponiýanyň häkimiýetleri ýazgaryjy reaksiýa bildirdiler.

Hususan-da, Ýaponiýanyň daşary işler ministri Seiji Maehara prezident Medwedewiň Kuril adalaryna etjek saparynyň Ýaponiýa bilen Orsýetiň gatnaşyklaryna çynlakaý ýaramaz täsir etjekdigini aýdyp çykyş etdi.

Ýaponiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Kuril arhipelagy 1945-nji ýylda sowet goşunlarynyň ol ýere baraly bäri Orsýetiň kontrollygynda bolmagynda galýar. Ýaponiýanyň hökümeti şu Kuril arhipelagyndaky dört adanyň Ýaponiýa gaýtarylyp berilmegine aýak direýär.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Andreý Nesterenko prezident Dmitriý Medwedewiň bu saparynyň ýurduň resmi territoriýasyna edilýän sapardygyny aýdyp, Ýaponiýanyň bu waka bildiren reaksiýasyny tankytlady.
XS
SM
MD
LG