Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde bäş žurnalistiň ölümi boýunça täzeden jenaýat işi gozgaldy


Şu gün Orsýetiň häkimiýetleri halkara hukuk goraýjy guramalaryň çagyryşlaryna jogap edip, bu ýurtda öldürilen bäş sany žurnalistiň ölümi bilen baglanyşykly wakalar boýunça täzeden jenaýat işini gozgadylar.

Orsýetiň Baş prokuraturasy 2001-2005-nji ýyllar aralygynda öldürilen bu bäş žurnalistiň ölümi bilen bagly düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän žurnalistleriň hukugyny goraýjy Komitetden gelip gowşan goşmaça maglumatlaryň esasynda täzeden jenaýat işleriniň gozgalandygyny mälim etdi.

Hususan-da, Baş prokuraturanyň maglumatyna görä, Orsýetiň Tolýatti şäherinde 2002-nji we 2003-nji ýyllarda öldürilen žurnalistler Waleriý Iwanow bilen Alekseý Sidorowyň, şeýle hem 2001-nji ýylda ýurduň Asbest şäherçesiniň golaýynda öldürilen žurnalist Eduard Markewiçiň, galyberse-de 2002-nji ýylda Taganrog şäherinde öldürilen Nataliýa Skrylyň we 2005-nji ýylda Tula şäherinde öldürilen Wagif Koçetkowyň ölümi bilen baglanyşykly meselelere täzeden garalar.
XS
SM
MD
LG