Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Kawkazda bomba hüjümleriniň öňi alyndy


Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri Demirgazyk Kawkaz sebitiniň golaýyndaky bir şäherde goýlan iki bombany zyýansyzlandyrandyklaryny aýdýarlar.

Terrora garşy milli komitetiň ýaýradan beýanatynda bir bombanyň Stawropol şäherinde tapylandygy we onuň bir kafeniň ýanynda goýlan maşynyň içindäki adam jesedine berkidilendigi aýdylýar.

Biraz soň polisiýa golaýdan zir-zibil üýşmegi ýaly edilip goýlan ikinji bombany tapýar. Bu bombalaryň ikisi hem zyýansyzlandyryldy.
XS
SM
MD
LG