Sepleriň elýeterliligi

Yslamabat NATO-nyň üpjünçilik ýoluny baglaýar


Pakistan Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Owganystandaky goşunlarynyň möhüm üpjünçilik ýoluny baglady.

Bu, görnüşine görä, NATO dikuçarynyň serhetaşa howa zarbasy esasynda pakistan esgerleriniň üçüsi öldürildi diýen habar bilen bagly.

Yslamabatdaky resmiler Torkham serhet geçelgesindäki gullukçylara NATO-nyň ýangyç hem üpjünçilik ýükli maşynlarynyň Owganystana geçmeginiň öňüni baglamak hakynda buýruk berlendigini aýdýarlar.

Haýber tire sebitiniň içinden geçýän ýol Owganystandaky NATO goşunlary üçin esasy üpjünçilik koridory bolup durýar.

Pakistan resmileri NATO dikuçarynyň düýn irden Kurram tire sebitinde Pakistanyň ýarym harby serhet goşunlarynyň üç esgerini öldürendigini aýtdylar.

Eger tassyk bolsa, bu NATO dikuçarlarynyň pakistan serhedindäki jeňçilere diňe soňky günlerde uran dördünji zarbasy bolar.

Pakistan serhetaşa zarbalary berk ýazgarýar.
XS
SM
MD
LG