Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekwadoryň prezidenti Rafael Korrea halas edildi


Ekwadoryň prezidenti Rafael Korrea goşunyň kömegi bilen hassahanadan halas bolandan soň öz prezident köşgüniň balkonynda peýda boldy.

Rafael Korrea hassahanada hökümetiň girdejilerini kesmek teklibinden gazaba çykan polisiýa ofiserleriniň gabawynda otyrdy.

Çepçi prezident atyşyk içinde, esgerler onuň tas bir gün gabawda oturan binasyna reýd geçirenden soň halas edildi. Ol bu ýere protestçi polisler bilen gapma-garşylykda üstüne göz ýaşardyjy gaz pürkülenden soň getirilipdi.

Prezident gozgalaň wagtynda azyndan bir polisiýa ofiseriniň öldürilendigini aýtdy.

Dünýä liderleri Ekwadoryň prezidenti Rafael Sorrea öz goldawlaryny bildirdiler.

Korrea oppozisiýadaky syýasy fraksilary we ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň käbir böleklerini döwlet agdarlyşygyny geçirmek synanyşygynda aýyplady.

Peru we Kolumbiýa Ekwador bilen serhetlerini ýapypdylar. Birleşen Ştatlar, Kanada, Ýewropa Bileleşigi we BMG Korrea goldaw bildirdiler.

Latin Amerikasy ýurtlary bolan Wenezuela, Argentina, Meksiko, Çili we Paragwaý hem Korreany goldady.
XS
SM
MD
LG