Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa hökmany harby borçlulygy soňlamakçy bolýar


Serbiýa 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap hökmany harby borçlulygy ýatyrmakçy bolýandygyny aýdýar, ýöne bu täze plan parlament tarapyndan tassyk edilmeli.

Bu çäre 2004-nji ýylda düzülen we goşunlaryň sanyny azaldyp, kiçiräk, emma has professional harby kontinent döretmek baradaky planyň bir bölegidir.

Häzir serb býujetiniň 30 prosent çemesi ozalky harby işgärleriň pensiýalaryna harç edilýär.

Teklip edilýän täze plan esasynda goşunyň sany 43 müňden 30 müňe gelmeli.
XS
SM
MD
LG