Sepleriň elýeterliligi

Ýewropanyň energiýa firmalary Eýrandan daşlaşýar


Birleşen Ştatlar Ýewropanyň uly nebit kompaniýalarynyň dördüsiniň, amerikan sanksiýalaryna duçar bolmazlyk üçin, Eýran bilen iş gatnaşyklaryny bes etmäge razy bolandygyny aýdýar.

Ol kompaniýalar Fransiýanyň TOTAL, Norwegiýanyň Statoýl, Italiýanyň ENI we Gollandiýanyň Şel firmalarydyr.

Döwlet sekretarynyň orunbasary Jeýms Steýnberg dünýäniň beýleki uly energiýa kompaniýalarynyň hem Birleşen Ştatlar tarapyndan derňelýändigini we olar Eýran bilen iş gatnaşyklaryny kesmeseler, munuň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz boljaklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG