Sepleriň elýeterliligi

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdaky Garajaoglan seýilgähiniň we Parahat medeni merkeziniň aralygyndaky meýdançada Ylham çeperçilik-seýilgäh toplumy açyldy.

Toplumda türkmen halkynyň medeniýetine we sungatyna öz hyzmatyny goşan belli adamlaryň ençemesine dürli derejedäki ýadygärlikler goýuldy. Olaryň arasynda aşakdaky sanawda görkezilen şahsyýetler bar:

Omar Haýýam - (heýkeltaraş Saragt Babaýew)
Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruny - (heýkeltaraş Saragt Babaýew)
Jahan şa Garagoýunly - (heýkeltaraş Saragt Babaýew)
Baýram han - (heýkeltaraş Saragt Babaýew)
Abdyrahym han - (heýkeltaraş Saragt Babaýew)
Mahmyt Zamahşary - (heýkeltaraş Saragt Babaýew)
Fizuly - (heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew)
Mäne Baba - (heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew)
Nowaýy - (heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew)
Abubekr ibn Muhammet as-Suly - (heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew)
Hoja Ahmet Ýasawy - (heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew)
Seýitnazar Seýdi - (heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew)
Gurbandurdy Zelili - (heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew)
Muhammet ibn Musa Horezmi - (heýkeltaraş Gylyç Ýarmämmedow)
Mahmyt Pälwan - (heýkeltaraş Gylyç Ýarmämmedow)
Şemseddin Merwezi - (heýkeltaraş Gylyç Ýarmämmedow)
Ýunus Emre - (heýkeltaraş Gylyç Ýarmämmedow)
Seýit Nesimi - (heýkeltaraş Agameret Garaýew)
Abu Nasyr Faraby - (heýkeltaraş Agameret Garaýew)
Ibn Sina - (heýkeltaraş Agameret Garaýew)
Mämmetweli Kemine - (heýkeltaraş Agameret Garaýew)
Ahmet as-Sarahsy - (heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew)
Mollanepes - (heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew)
Annagylyç Mätäji - (heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew)
Ýusup Balasagunly - (heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew)
Kazy Burhaneddin Ahmet - (heýkeltaraş Amandurdy Jumaýew)
Nejmeddin Kubra - (heýkeltaraş Amandurdy Jumaýew)
Mahmyt Kaşgary - (heýkeltaraş Adyl Atakgaýew)
Nurmuhammet Andalyp - (heýkeltaraş Artykmämmet Meredow)
Döwletmämmet Azady - (heýkeltaraş Babasary Annamyradow)
Magtymguly Pyragy - (heýkeltaraş Babasary Annamyradow)

Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp bolan merhum ýazyjy-şahyrlar:

Ata Gowşudow - (heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew)
Annaly Berdiýew - (heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew)
Beki Seýtäkow - (heýkeltaraş Adyl Atakgaýew)
Ýylgaý Durdyýew - (heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew)
Gara Seýitliýew - (heýkeltaraş Agameret Garaýew)
Allaberdi Haýydow - (heýkeltaraş Agameret Garaýew)
Mämmet Seýidow - (heýkeltaraş Saragt Babaýew)
Berdi Kerbabaýew - (heýkeltaraş Saragt Babaýew)
Nazar Gullaýew - (heýkeltaraş Saragt Babaýew)
Berdinazar Hudaýnazarow - (heýkeltaraş Saragt Babaýew)
Nurmyrat Saryhanow - (heýkeltaraş Juma Berdimyradow)
Aman Kekilow - (heýkeltaraş Amandurdy Jumaýew)
Nury Baýramow - (heýkeltaraş Amandurdy Jumaýew)
Kerim Gurbannepesow - (heýkeltaraş Gylyç Ýarmämmedow)
Gurbannazar Ezizow - (heýkeltaraş Babasary Annamyradow)
Aşyrberdi Kürt - (heýkeltaraş Babasary Annamyradow)

Aslynda şeýle medeni ýadygärliklerden düzülen seýilgäh dünýäniň ençeme belli şäherlerinde bar. Ýöne ol Türkmenistandaky ýaly ägirt uly möçbere eýe däl.

Aşgabatdaky Ylham seýilgähinde 50 çemesi ýadygärlik goýuldy we olaryň sanynyň geljekde hem artdyryljakdygy aýdylýar. Sebäbi ýadygärlikleri oturdylmaly adamlaryň sanawynda öň 70 çemesi adamyň ady bardy.

Heýkelleriň 31 sanysynyň boýy 3,5 metr, 16 sanysy göwre-býust görnüşinde. Heýkeller bürünçden guýlan, olar üçin 130 tonna bürünç sarp edilipdir.

Bu ýadygärlikler soňky ýyllarda kemala gelen şahsyýet kultunyň azda-kände peselmegini aňladýar, ýurtda prezidentden başga-da ynsanyň bardygyny ykarar etmek bolýar diýen pikirler öňe sürülýär.

Seýilgähi gurmak barada 2008-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde karar edilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG