Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina gaýtadan prezident respublikasy boldy


Ukrainanyň Konstitusiýa sudy ýurtda 2004-nji ýylda kabul edilen syýasy reformalar baradaky kanuny ýatyrdy.

Ukrainanyň Konstitusiýa sudunyň ýolbaşçysy Anatoliý Holowin bu barada çykan karary şeýle düşündirdi: “Ukrainanyň Konstitusiýa sudy 2004-nji ýylyň 8-nji dekabrynda “Ukrainanyň Konstitusiýasyna girizilmeli üýtgetmeler baradaky” kanun kabul edilen döwürde konstitusion proseduralaryň bozulmagy sebäpli bu kanun Konstitusiýa gabat gelmeýär diýen karara geldi”.

Suduň çykaran kararyna laýyklykda, Ukrainanyň hökümet gurluşy gaýtadan prezident dollandyryş sistemasyna geçirilýär. Bu mesele bilen bagly Konstitusiýa suduna parlamentiň 252 deputatynyň şikaýat bilen ýüzlenendigi habar berilýär.

Syýasy reformalara ýol açan kanun 2004-nji ýylda Mämişi rewolýusiýa döwründe kabul edilipdi. Onda Ukrainanyň syýasy gurluşy parlamentar sistema geçirilip, ýurdy dolandyrýan koalisiýanyň parlamentdäki fraksiýalar tarapyndan düzülmegi göz öňünde tutulypdy.

Şeýle hem şol kanunda Ukrainanyň Ýokary radasynyň möhleti 4 ýyldan 5 ýyla çenli uzaldylypdy.
XS
SM
MD
LG