Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda NATO-nyň 27 sany tankerini otladylar


Pakistanda NATO-nyň Owganystana niýetlenen 27 sany ýagnyç daşaýan tankerine we ýük daşaýan maşynlaryna hüjüm edildi.

Pakistanyň günortasynda ýerleşýän Şikapur şäherinde NATO-nyň Owganystana ýük daşaýan 27 tankeri otlandy.

Hüjüme NATO-nyň dikuçarynyň serhetaşa howa zarbasy netijesinde 3 pakistan esgeriniň öldürilendigi baradaky habar sebäp boldy diýlip, habar berilýär.

NATO bu wakada öz dikuçaryna ok atylansoň, jogap hökmünde özleriniň hem ok atmaly bolanlyklaryny aýdýar.
XS
SM
MD
LG