Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Býujet serişdeleri ýerlikli sarp edilýärmi?


27-nji sentýabrda pikir soralyşyklaryny geçirýän halkara GlobeScan/PIPA kompaniýasy BBC World Service gullugynyň tabşyrmagy boýunça “Býujet serişdeleri ýerlikli sarp edilýärmi?” diýen mesele boýunça ýörite pikir soralyşygyny geçirdi.

Pikir soralyşyga düýäniň 22 ýurdundan 23 müňe golaý adamyň gatnaşdyrylandygy habar berilýär. Bu barlaglaryň netijesinde oňa gatnaşanlaryň köpüsiniň býujet serişdeleriniň ýarpysyndan gowragy ýerliksiz sarp edilýär diýen pikirdedigi anyklandy.

GlobeScan/PIPA halkara guramasy tarapyndan geçirilen pikir soralyşyga gatnaşanlaryň aglabasy býujet serişdeleriniň 52%-niň ilatyň bähbitlerine hem gymmatlyklaryna ýarar ýaly sarp edilmeýändigini aýtdylar. Pikirleri öwrenilen adamlaryň 78%-i azyk harytlaryň bahalaryny pes derejede saklamak üçin, döwlet býujetinden subsidiýalaryň tölenmelidigini aýtdylar.

ABŞ-dan, Türkiýeden we Ispaniýadan daşgary pikir soralyşyk geçirilen ýurtlaryň raýatlarynyň köpüsi ykdysady meseleleriň kadalaşdyrylmagynda hökümetiň has uly rol oýnamagyna isleg bildirdiler.

22 ýurtdan 14-nde soralanlaryň ýarpysyndan gowragy tarapyndan ykdysadyýeti ösdürmek üçin hökümet döwlet býujetinden serişde bölmeli diňe pikir öňe sürüldi.

Orsýet, Müsür, Meksika, Indoneziýa we Nigeriýa ýaly ýurtlarda pikirleri soralan adamlaryň 70%-den gowragy býujet serişdeleriniň ykdysadyýete itergi bermek maksatlary üçin sarp edilmelidigini aýtdylar.

Global maliýe krizisi sebäpli býujet serişdelriniň uly bölegini ykdysadyýete itergi bermek üçin gönükdiren Germaniýa, Fransiýa hem ABŞ ýaly ösen ýurtlaryň raýatlary, tersine, bu çärelere garşy çykdylar.

Pikir soralyşyk geçirilen ýurtlaryň içinde Azarbaýjanyň raýatlary halkara guramalara ykdysadyýetiň kadalaşdyrylmagy meselesinde has giň ygtyýarlyklary bermegi goldap çykyş etdiler. Ýagny, pikiri öwrenilen raýatlaryň 82%-i halkara guramalarynyň işine ynam bildirdiler. Orsýetde bolsa raýatlaryň köpüsi ýurduň ykdysadyýeti bilen bagly meseleleri ýurduň içinde çözmegiň tarapyny tutdular. Bu meselede barlaga gatnaşanlaryň diňe 27%-i halkara guramalarynyň ygtyýarlyklaryny artdyrmagyň tarapyny çaldy.

Türkmenistan

Türkmenistanda şeýle pikir soralyşyk geçirilen halatynda ol nähili netije bererdi?

Bir tarapdan Türkmenistanda ilata belli bir möçberde elektrik togy, gaz, suw we beýleki harytlar we hyzmatlar mugtuna ýa-da ujypsyz bahadan berilýär. Dollaryň kursy hem ýurtda gözegçilik astynda saklanylýar. Bu zatlar üçin bolsa döwlet býujetinden gaty köp serişde sarp edilýär. Halkara guramalarynyň beren maglumatlarynda Türkmenistanyň döwlet býujetiniň defisitiniň ýokdugy aýdylýar.

Mary şäheriniň ýaşaýjysy: “Beýleki goňşy ýurtlar bilen deňeşdirilende bizde azyk harytlarynyň bahasynyň gaty pesdigi aýdylýar. Bu zatlar gowy, ýöne iş ýok. Halk işsiz kösenýar” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde belledi.

Ýöne, başga tarapdan, Türkmenistanda ýurduň ykdysadyýeti hökümetiň berk gözegçiligi astynda saklanylýar. Soňky döwürde türkmen häkimiýetleriniň hususy pudagy ösdürmek ugrunda iş alyp barýandygyna garamazdan, onuň entek gaty gowşakdygyny ýerli synçylar aýdýarlar.

Synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanda Býujet kodeksiniň taýýarlanýandygy barada berlen maglumatlara garamazdan, häzirlikçe býujet serişdeleriniň nämä we niräk sarp ediljegi diňe bir adamyň goly bilen çözülýär. Ýagny, bu pikir soralyşygy geçirilen ýurtlaryň köpüsindäki ýaly Türkmenistanda köplenç kanunlar işlemeýär, ýurtda garaşsyz sud sistemasy ýok, býujet serişdeleri parlamentiň tassyklamagy bilen sarp edilmeýär.

Synçylaryň tassyklamagyna görä, halk içinde abraýy ýokary, öz saýlawçylarynyň bähbidini arap biljek adamlar däl-de, parlamentde esasan häkimiýet başyndakylaryň göwnüne ýaraýanlar deputat bolýarlar.

Býujet we aç-açanlyk

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanyň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş bolup, ýurtda döwletiň býujet serişdeleriniň näderejede ýerlikli sarp edilýändigi barada olaryň pikiri hakda şeýle gürrüň berdi: “Türkmenistanda suw, duz, elektrik togy, merhuma kepen mugtuna berlip gelinýär. Benziniň bahasy galdyrlandan soň hem dünýä bazaryndaky bahalar bilen deňeşdirilende, gaty pes. Kommunal hyzmatlar hem simwoliki bahada saklanylýar”.

“Emma muňa garamazdan, aýylyklaryň pesligi, işsizligiň giňden ýaýrandygy sebäpli ilat köpçüligi halkyň sosial üpjünjiligine döwlet býujetinden has köp serişdäniň sarp edilmegini isleýär” diýip, žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew aýdýar.

Şeýle hem garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanyň döwlet býujetinden köp serişdeleriň gymmat bahalay gurluşyklara köp sarp edilmeginiň halk köpçüligi tarapyndan goldanylmaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň maliýe pudagynyň öňki işgäri, ykdysatçy Annadurdy Hajyýew hatda ösen ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň arasynda hem häkimiýet başyndakylaryň býujet serişdelerini ýerliksiz sarp edýändigi baradaky pikiriň ýörgünlidigini aýdyp, şeýle pikir döremez ýaly Türkmenistan ýaly ýurtda ilki bilen aç-açanlygyň zerurdygyny nygtady.

A.Hajyýew ilata mugtuna harytlaryň hem hyzmatlaryň paýlanmagynyň nädogrudygyny öňe sürýär: “Ilat arasynda halkyň baýlygynyň ýerlikli sarp edilýändigine ynam döremegi üçin her bir raýatyň şol serişdeleriň sarp edilişiniň özüne we geljekde çagalaryna, halka hem jemgyýete peýdaly boljakdygyna göz ýetirmegi zerur”.

“Munuň üçin bolsa halka mugtuna harytlary hem hyzmatlary paýlaman, ýurtda aýylyklary ýokarlandyryp, her kimiň özüne gerek harydyny özi ediner ýaly mümkünçilik döretmeli, halka hem ykdysady hem syýasy erkinlik bermekden gorkmaly däl” diýip, ykdysatçy A.Hajyýew nygtaýar.

Türkmen metbugatynyň maglumatlarynda ýurtda 2011-2030-njy ýyllar aralygynda amala aşyryljak reformalaryň hataryna Türkmenistanyň býujet –salgyt sistemasyndaky reformalaryň hem göz öňünde tutulýandygy aýdylyp, şonuň netijesinde ýurduň içinde harytlara we hyzmatlara talabyň ýokarlanmagy we halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy gazanylar diýlip, umyt bildirilýär.
XS
SM
MD
LG