Sepleriň elýeterliligi

Geçen hepde Nýu Ýorkdan gaýdyp gelen prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu saparyň jemleri boýunça 30-njy sentýabrda Aşgabatda metbugat konferensiýasyny geçirdi. Oňa Türkmenistanda akkreditasiýa edilen ýerli we daşary ýurt žunalistleri, Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, teler-radio kanallarynyň başlyklary we studentler gatnaşdylar.

Prezident G Berdimuhamedow ýerli we daşary ýurt žurnalistleriniň soraglaryna jogap berdi. Konferensiýa biraz sahnalaşdyrylan, ýagny beriljek soraglar elekden geçirilen hem bolsa, synçylar beýle konferensiýanyň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýdýarlar. Häzir Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy Ak-Muhammet Welsapar Türkmenistanda beýle metbugat konferensiýasynyň geçirilmeginiň ýurt üçin möhümdigini nygtady.

A.Welsapar bu meselede öz pikirini şeýle beýan edýär: «Öňki prezidentiň döwründe hiç wagt metbugat konferensiýasy geçirilmezdi. Metbugat konferensiýalary indi prezident Berdimuhamedowyň döwründe geçirilip başlandy. Emma bu press-konferensiýanyň gurnalandygy göze ilýär. Prezidente berilýän soraglaryň we onuň jogaplarynyň ilki redaktirlenenligi, uşakgöz elekden geçirilenligi bildirip dur”.

A.Welsaparyň pikiriçe, eger-de prezident Berdimuhamedow beýleki ýurtlaryň prezidentleriniň edişi ýaly gös-göni žurnalistleriň öňüne çykyp, olaryň soraglaryna ýüzugra öz sözleri bilen jogap bersedi, onda geçirilýän metbugat-konferensiýasy sözüň doly manysynda metbugat-konferensiýasy hökmünde kabul edilerdi.

Ýazyjy A.Welsapar türkmen prezidentiniň özüne berlen mümkinçiliklerden doly peýdalanmalydygyny aýdýar. «Häzir prezidentiň özüni gowy tarapdan görkezmäge doly mümkinçiligi bar. Ol metbugat konferensiýasynda göni öz pikirini aýdyp, öz pikirini, pozisiýasyny žurnalistlere, dünýä jemgyýetçiligine ýetirip, hem öz halkynyň, hem dünýä jemgyýetçiliginiň ynamyny gazanyp biljek».

Ýapyk ýurduň abraýly prezidenti bolup bilermi?

BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda we agzalýan metbugat konferensiýsynada ýurduň prezidenti halkara meselelerine degip geçdi, ýagny BMG-niň işini reformirlemek, daşky gurşawy goramak, ekologik problemalary çözmek boýunça BMG-niň ekspertler guramasyny düzmek ýaly meseleler barada gürrüň etdi. Prezident bu barada şeýle diýýär: «Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejedäki geňeşi döretmegi teklip etdik».

Emma şu mahala çenli halkara guramalary Türkmenistanyň ýapyk döwletdigi, bu ýurtda söz we metbugat azatlygynyň ýokdugy, adam hukuklarynyň depgilenýändigi we beýleki meseleler boýunça tankyt edip gelýär. Ýurduň prezidenti bolsa halkara meselelerini çözmäge synanyşýar.

Munuň bilen baglanyşykly ýazyjy A.Welsapar öz pikirini şeýle beýan etdi: «Bir ýurduň prezidenti bolup oturan adam, elbetde, hökman halkara meseleleri barada-da pikir etmeli. Halkara derejesindäki dürli meseleler babatynda öz syýasy pozisiýasyny belli etmeli. Bu gowy zat. Ýöne şu taýda Berdimuhamedowyň göz öňünde tutmaly örän möhüm hakykaty bar. Ol hakykaty takyklamak üçin ilki men prezidentiň öz çykyşyndan bir sitata getirmekçi. Ynha, ol bir žurnalistiň soragyna şeýle jogap berýär: “Bizde aýratyn dinamiki özgerşiler üç ulgamda alnyp barylýar, olar: ykdysadyýet, maliýe we sosial ugurlar”.

Soňra A.Welsapar sözüni şeýle dowam etdi: “Bu dogry... Aýdylan pudaklarda Nyýazowyň döwri bilen deňäniňde, käbir özgerişler bar. Emma syýasy sferada syýasy özgerişleriň bolmany üçin Türkmenistan edil öňküsi ýaly bütin dünýäde repressiw, ýapyk, yzagalak ýurt hasap edilýär.Ýapyk hem repressiw häsiýetde dolandyrylýan ýurduň prezidentiniň demokratik ýurduň prezidenti diýlip hasap edilmejekdigine Berdimuhamedow haçan düşünerkä? Türkmenlerde bir nakyl bar: “Ilki özüňi düzet, soňra ile göz et!” diýilýär. Eger-de Türkmenistanyň prezidenti ilki ýurduň içinde demokratiýany ornaşdyryp, öz halkyna bermeli azatlyklary berip, onsoň halkara prolemalaryna goşulsa, şonda onuň sözi has agramly bolardy”.

Gürrüňi edilýän metbugat konferensiýasynda prezidente ýurt üçin örän aktual hasaplanýan – adam hukuklary, ilatyň sosial-ýaşaýyş durmuşy, türmedäki ýagdaýlar, syýasy tussaglaryň ýagdaýy ýaly giň jemgyýetçiligi gyzyklandyrýan soraglar berilmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG